SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Londona gatnawlar başlaýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň London şäherine adaty uçar gatnawlaryny ýola goýar.  manat, Degişli halkara ugra awiapetekler şu gün — 23-nji fewraldan awiakompaniýanyň degişli şahamçalaryndan satyn almak bolar. Bu barada awiakompaniýa tarapyndan habar berildi.

20-njy martdan «Türkmenistan» awiakompaniýasy Londonyň Stansted howa menziline gatnawlaryny ýerine ýetirip başlar. Mundan ozal, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Londonyň Hitrou howa menziline gatnawlaryny ýerine ýetirýärdi.

Indi bolsa, “London Stansted Airport” howa menziline gonar. Aşgabat-London ugry boýunça biletiň ekonom klasyň bahasy 8926 manat, biznes klasyň bahasy 10675 manat. Yzyna bolsa, degişlilikde 615 dollar we 1490 dollar.

Aşgabat — London ugruna daşary ýurt raýatlary üçin ekonom klasly awiapetek 600 ABŞ dollardan (biznes klas 1 250 ABŞ dollar), Londondan Aşgabada bolsa 715 ABŞ dollardan (biznes klas 1 430 ABŞ dollar) satylýar.

Ýaňy habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Hytaýyň Pekin şäherine hem adaty gatnawlary 19-njy martdan soňra ýola goýýar.

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar