SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň oktýabr aýynda amala aşyrmagy meýilleşdirýän käbir uçar gatnaw ugurlary barada möhüm habary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris. Bularyň ilkinji Belarus ugry bolsa, beýlekisi Türkiýe ugry barada bolar!

Bar bolan maglumatlara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabr aýynda Belarus Respublikasynyň Minsk ugry boýunça adaty gatnawlary ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Minsk ugurly gatnawy oktýabr aýynyň ilkinji günlerinde amala aşyrmagyna garaşylýar.

Adaty gatnawlaryň anyk senenamasy belli bolanda biz Size goşmaça habar ýetireris.  Bu uçar gatnawlarynyň Aşgabat – Minsk – Türkmenabat aralygynda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Şeýle hem Belarus Respublikasynyň “Belawia” awiakompaniýasy öz gezeginde Türkmenistan ugry boýunça uçar gatnawlaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bar bolan maglumatlara görä, bu gatnawlar Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça ýerine ýetiriler.

Ozal hem yzygiderli ýagdaýda habar berşimiz ýaly, Türkmenistan Türkiýe ugry boýunça hem sentýabr aýynda ýörite gatnawlar dowam etdirildi. Sentýabr aýynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem-de Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy jemi 17 gatnaw ýerine ýetirdi. Sentýabr aýy boýunça soňky gatnaw  ýagny 17-nji gatnaw “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy tarapyndan şu gün  ýerine ýetirdi.

Ozal habar berişimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy oktýabr aýynda 14 uçar gatnawyny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar. Bu gatnawlarynyň has hem artmagyna garaşylýandygyny belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek.

Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Türkiýe ugry boýunça oktýabr aýyndaky uçuş tertibi baradaky habarlary hem gysga wagtda ýetireris. Stambul ugry boýunça halkara uçar gatnawlary we karantin düzgün baradaky habarlary ilkinji bolup habarly bolmak üçin saýtymyzy we Atawatan TW You Tube kanalynyz yzarlamgy unutmaň!

mahabat

Türkiýä wiza üçin resminamalaryň terjimesinde Makul Hyzmat Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär