DÜNÝÄ

Türkmenistan Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Addis-Abeba şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi Mekan Işangulyýew Afrika Bileleşiginiň Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Mohamed El-Amine Souef bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda, taraplar Türkmenistanyň Afrika ýurtlary bilen ýokary derejä çykan hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň subutnamasy hökmünde, şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň işine Afrika ýurtlaryndan ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagy şaýatlyk edýär.

Şeýle hem, duşuşykda Ilçi M.Işangulyýew Afrika yklymynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny hem belledi.

Afrika Bileleşiginiň Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Mohamed El-Amine Souef öz gezeginde, Türkmenistan bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde gelejegi uly bolan energetika, himiýa senagaty, oba hojalyk we medeniýet ýaly dürli ugurlaryň mümkinçiliklerini nygtady.

Afrika Bileleşigi – 1 milliarddan gowrak ilaty bolan 55 sany Afrika döwletini birleşdirýän hökümetara halkara guramadyr. Afrika Bileleşiginiň Komissiýasy ygtyýarly düzüm biriligi bolup, Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abeba şäherinde ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Tbiliside töleg boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy