PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistan 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasyny tassyklady

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasy iş we dynç alyş günleriniň görkezilmegi bilen neşir edildi. Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi habar berýär.

Geljek ýyl üçin iş hepdesiniň tertibi aşakdaky ýaly kesgitlenýär:

  • Bäş günlük – 40 sagat;
  • Alty günlük (her gün 7 sagat) – 40 sagat;
  • Alty günlük (her gün 6 sagat) – 36 sagat.

Dynç alyş we baýramçylyk günleri:

  • 1-nji ýanwar – Täze ýyl baýramy;
  • 8-nji mart – Halkara zenanlar güni;
  • 20-nji mart – Oraza baýramy;
  • 21–22-nji mart – Milli bahar baýramy;
  • 18-nji maý – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;
  • 27–29-njy maý – Gurban baýramy.
  • 27-nji sentýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
  • 6-njy oktýabr – Hatyra güni;
  • 12-nji dekabr – Halkara bitaraplyk güni;

Baýramlaryň öňündäki günüň iş wagty 1 sagat ir tamamlanylýar. Gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygy 1 sagat gysgadyrylýar, yzygiderli önümçilik işlerinde gündizki iş wagty bilen deňleşdirilýär.

Aýlyk ortaça iş wagty:

  • 40 sagatlyk iş hepdesi üçin – 166,9 sagat;
  • 36 sagatlyk iş hepdesi üçin – 150,5 sagat.

Iş öndürijilik senenamasy – her aý we ýyl üçin iş, dynç alyş we baýramçylyk günleriniň resmi sanawyny görkezýän resminama bolup, baýramdan öňki gysgaldylan günleri hem öz içine alýar. Ol kärhanalarda iş meýilnamasyny düzmek, aýlyk haklaryny, dynç alyş we önümçilik senenamalary üçin ulanylýar.

Ýene-de okaň

Döwlet notaruislary hyzmatlaryň täze töleg möçberi tassyklanyldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Türkmenistan” awiakompaniýasy işe çagyrýar

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny sosial mediada yzarlalyň

Türkiýä talyp wizasyna ýüz tutmak isleýänler üçin bildiriş

Ata Watan Eserleri

Ýaldyrak dogdy

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty