MEDENIÝET

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby koreý dilinde neşir edildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu çäre Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän gününde guralyp, dostlukly halklaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklar we däp-dessurlar bilen tanyşmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dowamy boldy.

Häzirki döwürde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy dürli ugurlary öz içine alýar. Şunda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda ýola goýlan ynanyşykly gatnaşyklara we özara tagallalara aýratyn orun degişlidir.

Ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, umumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwerlik ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.

Türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň özenini düzýän ýokary ynsanperwer umumadamzat ýörelgeleri milli Liderimiziň köpugurly edebi döredijiliginde öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen eserleri halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýär.

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň koreý diline terjime edilmegi türkmen halkynyň baý medeni mirasy, taglymlary we ahlak ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, özboluşly däp-dessurlaryna has-da aýdyň düşünmäge mümkinçilik berer. Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Çärä gazet-žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlary we mugallymlary, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sungçul Şin çärede çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň koreý dilinde neşir edilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny hem-de däp bolan özara bähbitli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşjakdygyny belledi.

Dabara sanly ulgam arkaly “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň hem-de “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa ýurtlary” Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda bu wakanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, şol sanda ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmekde wajypdygyny bellediler.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eseriniň türkmen halkynyň taryhy ýoluny has giňişleýin öwrenmäge, onuň milli-medeni özboluşlylygy bilen tanyşmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna has giňişleýin düşünmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.

Şeýle hem iki ýurduň däp-dessurlaryny gorap saklamak babatda garaýyşlarynyň gabat gelýändigi hem-de Türkmenistanyň we Koreýanyň gadymy medeniýetli hem-de baý milli däp-dessurlary bolan ýurtlardygy bellenildi. Iki halkyň dünýägaraýşynda däp-dessurlara bolan sylag-hormat hem-de wepalylyk bar. Dostlukly döwletleri mirasa daýanyp, geçen nesilleriň tejribesini we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak bilen, şol bir wagtyň özünde ösüşiň innowasiýa ýoly bilen öňe gitmäge ymtylma birleşdirýär.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu kitap, medeniýeti öwrenijiler üçin hem aýratyn gymmatlydyr. Bu eser milli medeniýet baradaky maglumatlaryň ulgamlaşdyrylan jemi däl-de, eýsem, ösen jemgyýetiň esasyny düzýän, onuň ynsanperwerlik binýady baradaky eserdir.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de milli Liderimize alyp barýan köpugurly işleri, şol sanda mähriban halkymyzyň ruhy-ahlak däplerini gorap saklamak we ösdürmek boýunça taýsyz tagallalary üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde gymmatly kitapdyr.

Şu çäräniň çäklerinde ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe bolan düýpli eserleri, şeýle hem talyplaryň ylmy işleri görkezildi. Dabara ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň döredijilik çykyşlary bilen tamamlandy. Talyplar türkmen we koreý halk saz gurallarynda ussatlyk bilen saz çaldylar.

 

Türkmenistanyň we Gazagystanyň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Ýene-de okaň

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY