Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek, pudaga täze tehnologiýalary giňden ornaşdyryp, önümçilik kuwwatlyklaryny hem-de öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, daşary ýurtlara iberilýän taýýar önümleriň möçberlerini yzygiderli köpeltmek, pudagyň kärhanalarynda sanly ulgama geçmegi çaltlandyrmak, himiýa önümçiligini ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesi girizildi we şu konserniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek we ýerli çig-mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň esasynda senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda ýurdumyzda ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze döwrebap desgalar gurulýar, ozaldan işläp gelýän kärhanalaryň durky täzelenilýär.
Ýurdumyzyň himiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, mineral, gidromineral we uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny we toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegini, ilatyň hem-de halk hojalygynyň pudaklarynyň zerur himiýa önümleri bilen üpjün edilişini gowulandyrmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzüminde täze önümçilik kärhanalary ulanylmaga berildi.
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap önümçilikler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de eksport mümkinçilikleri artdyrmaga gönükdirilendir.