Türkmenistanda dökünleriň we dürli himiýi önümleriň öndürilmegine gözegçilik edýän Türkmenhimiýa” döwlet konserni täze halkara bäsleşigini yglan etdi. Döwlet konsernini Marykarbamid zawodynyň çäklerinde ýyllyk kuwwaty 20000 tonna bolan metanol we karbamid-formaldegid konsentrat “UF-85” öndürýän önümhananyň gurluşygy we taslamasy babatda bäsleşige çagyrýar.
Bäsleşige gatnaşmak üçin goşulan baha üçin salgydy hasaba almazdan 1150 ABŞ dollary möçberinde töleg töläp, resminamalar alyp bolar. Ýüz tutmagyň möhleti 15-nji oktýabrdan soňra 30 günüň dowamynda amala aşyrylyp bilner.
Habarlaşmak üçin: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
(+99312) 39 01 02/58/64.
Elektron salgysy: th.gurlushyk@online.tm;
Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.