BIZNES

“Türkmengaz” bilen CNPC goşmaça ylalaşyklara gol çekişer

“Türkmengaz” döwlet konserninde enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek hem-de elin hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda baglanyşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglanyşmaga ygtyýar bermek hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň CNPC kompaniýasynyň arasynda “Galkynyş” gaz käninde 16 guýyny himiýa önümleri bilen üpjün etmek, buraw ýerlerini taýýarlamak we guýulary ulanmak boýunça tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek we bu guýulary degişli enjamlar bilen üpjün etmek babatda tölegiň şertlerini üýtgetmek boýunça şertnamalary baglanyşmak meýilleşdirilýär.

Bu şertnamanyň bahasy 372 million 272 müň 969,95 hytaý ýuanyna barabardyr.

Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen CNPC kompaniýasynyň arasynda düzümleýin enjamlary guramak, “Galkynyş”. “Garabil” we “Bagaja” känlerinde degişli hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Netijede, bu şertnamalaryň jemi bahasy 106 million 221 müň 809,71 amerikan dollaryna barabar bolar.

 

“Jeýtun” we “Mäne” dokma brendleri dörediler

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar