BIZNES

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Geçen ýylyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işçi-hünärmenleri uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde we ýokary hilli nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde aýratyn netijelilik görkezdiler. Bu döwrebap senagat kärhanasynda işleriň depgini günsaýyn ýokarlandyrylýar. Bu barada konserniň resmi saýtynda habar berilýär.

Zawodlar toplumynda ähli işler bütinleý diýen ýaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. Bu bolsa hünärmenlerdir işçileriň öňde goýlan meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirmeklerinde örän ähmiýetlidir.

2025-nji ýylda zawodlar toplumynda turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowşan «gara altynyň» 4 million 955 müň 700 tonnasy gaýtadan işlenildi. Şeýlelikde, 107,9 göterim ösüş gazanyldy. Hususan-da, benziniň 1 million 484 müň 900 tonnasy, kerosiniň 434 müň, dizel ýangyjynyň 1 million 539 müň 800, suwuklandyrylan gazyň 124 müň 200, polipropileniň 57 müň 600, çalgy ýaglarynyň 54 müň 100, nebit bitumynyň bolsa 458 müň 400 tonnasy öndürildi.

Zawodlar toplumynyň işçi-hünärmenleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary görkezijiler bilen jemläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna hyjuwly gadam basdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler