BIZNES

Türkmenbaşy porty Özbegistan bilen Azerbaýjany üstaşyr ýük daşamalary bilen baglanyşdyrýar

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Özbegistandan Azerbaýjana çenli “AZERMASH SP” LLС kompaniýasy üçin ýüzden gowrak  ätiýaçlyk şaýlary ýüklenen 40 futlyk konteýnerleri daşamak üçin üstaşyr nokadyna öwrüldi.

Awtoulag pudagynda ulanylýan ätiýaçlyk şaýlary “UzAVTO MOTORS” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan iberildi, portdan ýük daşamalaryny amala aşyrmak bolsa,  “Türkmenistanyň Ulag logistika merkezi” PJ tarapyndan amala aşyryldy.

“Deňiz Söwda floty” 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy ugry boýunça konteýner daşamalaryny amala aşyrmak üçin “Balkan” gämisini fider gatnawyny amala aşyrmak üçin ýola goýdy. Bu fider gatnawynyň ýola goýulmagy, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär