BIZNES

Türkmenabatda merkezi bazar ulanyşa berildi

Düýn ýurdumyzyň gündogar sebitinde Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetiniň merkezi bazary açylyp ulanylmaga berildi. Munuň özi baýramçylyk sowgady hökmünde welaýatyň ýaşaýjylarynda uly şatlyk duýgusyny döretdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mizemez Watan» hususy kärhanasy tarapyndan gurlup ulanylmaga berlen ak bazaryň umumy meýdany 3 gektara barabar bolup, onda dükanlaryň jemi 283-si hereket edýär. Olaryň 157-si azyk önümlerine, 126-sy bolsa senagat harytlaryna niýetlenendir.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenabat şäherinde gurlan ak bazarda 1584 metre uzap gidýän, azyk önümlerine niýetlenen söwda tekjeleriniň 880-si, dürli görnüşli milli tagamlary taýýarlamak üçin niýetlenen naharhanalaryň 4-si müşderilere hyzmat eder.

Täze bazarda senagat harytlarynyň, dokma önümleriniň, haly we haly önümleriniň hem dürli görnüşlerini satyn almak bolýar. Mundan başga-da, daş-töweregi abadanlaşdyrylan döwrebap bazarda awtobuslaryň gatnawy üçin duralgalar we bu ýere gelýän raýatlaryň awtoulaglary üçin ýörite meýdançalar göz öňünde tutulypdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy