JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek boýunça Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisiniň çäklerinde Gurama agza-döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri mejlisiň işine gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň degişli wekilleri tarapyndan agzalan Konwensiýanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän birnäçe maksatnamalar we taslamalar bilen tanyşdyryldy. Ýagny, Medeni dürlilik boýunça Halkara gaznasy, Norwegiýa tarapyndan maliýeleşdirýän ÝUNESKO-Aşberg taslamasy we Şwesiýa tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamalar.

Agzalan mejlis ÝUNESKO agza-döwletleriň ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasyny raýat jemgyýeyiniň gatnaşmagynda durmuşa geçirmäge ygrarlydygynynyň aýdyň subutnamasy boldy.

2021-nji ýylyň iýul aýynda ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady