DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Türki dünýäsiniň kino ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkiýäniň Stambul şäherinde Türki dünýäsiniň kino ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy geçirildi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan guralan duşuşyga TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew hem-de Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Türkiýeden kino pudagynda jogapkär wezipelerde işleýän ýokary derejeli wekiller gatnaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistana Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Annageldi Atanazarow wekilçilik etdiler. Bu barada TÜRKSOÝ-yň metbugat gullugy habar berdi.

Bu duşuşyk TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisinde kabul edilen kararlara laýyklykda, kino materiallaryň medeni mirasy gorap saklamakda we ony geljekki nesillere ýetirmekdäki möhüm ornuny görkezmek hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy resmi taýdan ýola goýmak maksady bilen guraldy. Bu gurşawda mundan ozal Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen ilkinji duşuşykda kino ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we utgaşykly hereketi üpjün etmek üçin TÜRKFİLM – Türki dünýäsiniň kino ýolbaşçylarynyň bileleşigini döretmek kararyna gelnipdi.

Duşuşykda Türki dünýäniň kino gaznasyny döretmek boýunça iş toparyny döretmek, döwletara bilelikdäki önümçilik taslamalary, milli kino festiwallar we «Gorkut Ata» türki dünýäsiniň kino festiwaly bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň arasynda pikir alyşmalar bolup geçdi we möhüm kararlar kabul edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türki dünýäniň kino ýolbaşçylary 2-nji duşuşygynyň Jemleýji beýannamasyna gol çekildi.

Şeýle-de şu formatdaky indiki duşuşygyň 2025-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty bolan Aktau şäherinde geçirmek barada ylalaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan wekiliýeti ABŞ-nyň Montana uniwersitetinde gepleşikler geçirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Orhan Zeýnalow: Azerbaýjan Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyna taýýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Sportda dopinge garşy göreş maslahatyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Botswana diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy