DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Agzalan çärä Ýaponiýanyň Imperatorynyň maşgalasynyň agzalary, Ýaponiýanyň Hökümetiniň, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň, Osaka perfekturasynyň ýerli häkimiýetiniň wekilleri hem-de dürli ýurtlardan birnäçe ýokary derejeli myhmanlar, dünýä ýurtlarynyň milli pawilýonlarynyň wekilleri we Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýokarda görkezilen çärä Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Çäräni Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň baş sekretary H.Işige açmak bilen, Osakada geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň öz işini üstünlikli tamamlaýandygyny belläp, bu bütindünýä sergisini geçirmekde ýakyndan gatnaşan dünýä ýurtlarynyň milli pawilýonlarynyň ählisine çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Soňra bolsa çärede Ýaponiýanyň döwlet baýdagy galdyrylyp, döwlet senasy ýaňlandyryldy.

Çärede çykyş eden Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisi boýunça ministri I.Ýositaka, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň başlygy T.Masakadzu we Osaka perfekturasynyň häkimi H.Ýosimura «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň Osaka şäherini jahankeşdeleriň tanymal mekanyna öwürendigini beýan etdiler.

Şeýle-de dabarada onuň Alyhezreti, mirasdüşer şazada Akişino we Ýaponiýanyň Premýer ministri S.Işiba çykyş etdiler.

Çärede ýylyň dowamynda bu serginiň çäklerinde geçirilen dabaralar we gyzykly pursatlar barada birnäçe wideoşekilli rolikler görkezildi. Mundan başgda, dabarada medeniýet işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.

Ýapylyş dabarasynyň jemlerinde EKSPO Bütindünýä sergisiniň baýdagy düşürilip, ol «EKSPO-2030» Er-Riýad Bütindünýä sergisini geçirmäge hukuk gazanan Saud Arabystan Patyşalygynyň wekiliýetine hormat bilen gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi