DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 6-10-njy oktýabr aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilýän BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 76-nji sessiýasynyň çäginde türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi  baradaky Ýokary Komissary (UNHCR)  jenap Filippo Grandi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň 34 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan günlerimizde 142 sany daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň berilmegi hem asylly ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy nygtalyp geçildi. Şeýle hem Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Gahryman Prezidentimiziň Mähriban halkymyzyň we dünýä halklarynyň parahatçylygy hem-de asudalygy üçin durmuşa geçirýän beýik işleriniň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini belläp geçdi.
Duşuşykda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisiniň çarçuwasynda Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Global Alýans başlangyjynyň yglan edilendigi we bu ugurda Türkmenistanyň gazanan netijelerine halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini nazara alyp, Türkmenistanyň hem bu Alýansa goşulmagy, nusgalyk işleriň durmuşa geçirýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Taraplar sebitdäki ýurtlaryň migrasiýa ýagdaýlary, kanunçylyga halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalarynyň ornaşdyrylmagy we beýleki möhüm migrasiýa meseleleri barada özara maslahatlaşdylar.
Maslahatyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde birek-birege üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Afrika Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

Ata Watan Eserleri

Germaniýada Turkmenistanyň ykdysadyýet günleri: 12 ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň medeniýet ministri ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Koreýa Respublikasynda GGGI-yň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy