JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti 3-nji Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Türkmen wekiliýeti Tähranda geçirilýän 3-nji Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar.

Eýran metbugatynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, Türkmenistanyň bu strategiýada aýratyn möhüm orun alýandygyny aýtdy. Şeýle hem Mohammad Reza Aref Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiň hem belläp geçişi ýaly, Eýran bilen Türkmenistan diňe bir goňşy döwletler däl, eýsem iki sany doganlyk ýurtlardygyny belledi.

Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn saparlaryň ähmiýete barada bellän Mohammad Reza Aref Tähran bilen Aşgabadyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalaryň gysga wagtyň içinde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Birinji wise-prezident söwda gatnaşyklaryň giňeldilýändigini, bu ugurda hususy pudaga hem aýratyn orun berilýändigini belledi.

Şeýle hem eýran tarapy Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyklaryň ösdürilýändigini belläp, 3-nji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda, ekologiýa, syýahatçylyk we maýa goýumlar ýaly ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen meseleleriň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähirli salamyny ýetirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň iň uly serhetleşýän goňşusydygyny belläp, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy.

Iki ýurdsuň arasyndaky ikitaraplaýyn saparlaryň senagat, önümçilik, maýa goýum we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberiniň yzygiderli artýandygy bellenilip, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň esasy strategik, uzakmöhletli hem-de ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Tähranda geçirilýän 3-nnji Halkara Ykdysady foruma Hazarýaka döwletleri – Türkmenistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Russiýanyň wekiliýetileri gatnaşýar. Rus tarapyna wise-premýerAlekseý Owerçuk ýolbaşçylyk edýär.

Şeýle hem bu foruma Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda hem gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Pezeşkian: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy giňelderis

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýäris

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Türkiýä sapary

Ata Watan Eserleri

Eýranda 3-nji Hazar ykdysady forumy geçirildi

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellendi