Şu gün — 15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara bilim bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän ýaşlary, şeýle hem olaryň halypa mugallymlarynydyr tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Dabaraly çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türgenler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bilim we sport bagtyýarlygyň, sagdynlygyň rowaçlygyň gözbaşyna deňelýär. Ýurdumyzda sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly nesilleri kemala getirmäge ýardam edýän bu ulgamlary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim hem-de sport ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan ýaşlaryň, olaryň tälimçileriniňdir mugallymlarynyň gymmatly sowgatlar bilen sylaglanmagy berkarar döwletimiziň ýagty geljegi baradaky aladalary görkezýär. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bu ugra döwlet syýasatynda örän ýokary ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de türgenleriň görkezme çykyşlary bilen başlandy. Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda türkmen ýaşlary halkara bilim olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarlar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanylýan ýyly hem bu babatda bereketli ýyllaryň biri boldy.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz taryhy mazmunly çykyş edip, ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutlady. Soňra ýeňijileriň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, dünýä derejeli ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanan mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna 40, 70 we 100 müň manat möçberde pul baýraklary gowşuryldy. Şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen halkara ýaryşlarda altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolan türgenler we olaryň tälimçileri 40, 70 müň manat möçberde pul baýragy, 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulaglar bilen sylaglanyldy.
