JEMGYÝET

Türkmen telewideniýasy we «Bolşaýa Aziýa» teleýaýlymy ähtnama gol çekişdi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçirildi.

Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen «Bolşaýa Aziýa» teleýaýlymynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Gol çekilen ylalaşyk iki ýurduň bähbitlerine döwletara hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Bu ähtnama iki ýurduň arasyndaky metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürer. Şeýle hem bu Türkmenistanyň maglumat ulgamyndaky halkara gatnaşyklarynyň giňeldilýändiginiň nobatdaky ädimine öwrüldi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, taraplar yzygiderli maglumat we analitik materiallary, şeýle hem fotosuratlary we wideoýazgylary alyş-çalşygyny amala aşyrar.

Related posts

Ýurdumyzda pagta ýygymyna badalga berildi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Ata Watan Eserleri

Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär

Dr.Döwran Orazgylyjov