BIZNES

Türkmen telekeçileri Gyrgyzystanda täze ylalaşyklar baglaşdy

Häzirki wagtda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa birinji Ykdysady forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Gyrgyzystanyň “Tazabek” neşiriniň habaryna görä, Gyrgyzystandaky bu foruma Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky işewürler wekiliýeti hem gatnaşýar.

Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we işewürler geňeşiniň hem habar bermegine görä, türkmen telekeçileri “ÝB we Merkezi Aziýa işewürlik hyzmatdaşlygy” atly işewürlik forumyna gatnaşýar.

Türkmen telekeçileri gyrgyz kärdeşleri bilen umumy bahasy 3 million dollara barabar bolan dürli harytlary ýerlemek boýunça 6-dan gowrak şertnama gol çekişdiler.

Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we işewürler geňeşiniň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gazanyldy.

Ozal hem, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň şu ýylyň iýunynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen pomidory, santehnika materiallary hem-de konditer önümlerini Gyrgyz Respublikasyna ibermek babatda 21 million dollarlyk onlarça şertnama baglaşylypdy.

Çäklendirmeleriň kölegesindäki Diwali

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler