BILIM

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

2024-nji ýylyň 9–12-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynda “Halkara aragatnaşyklar: BAE-niň syýasaty, medeniýeti we ykdysady ugurlary” boýunça diplomatik okuw maksatnamasynyň çäklerinde okuw sapaklary guraldy.
Olaryň dowamynda hünärmenler Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy gatnaşyklar, BAE-niň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegi, şeýle-de BAE-niň medeni we ykdysady mümkinçilikleri boýunça gürrüň berdiler.
Okuw sapagynyň birinji güni Halypa diplomatlaryň geňeşiniň başlygy hormatly Doktor Saýid Al Şamsi BAE-niň taryhy we medeniýeti barada sapak berdi. Ikinji gün Akademiýanyň ylmy işgäri Mustafa Baýumi howanyň üýtgemegi we diplomatiýa — COP-28 netijeleri barada çykyş etdi. Üçünji gün Ýakyn Gündogaryň syýasaty bölüminiň ýolbaşçysy Obaýd Al Dhanhani BAE-niň daşary syýasaty barada gürrüň berdi. Soňky gün AGDA-nyň uly ylmy işgäri doktor Sara Çeheb BAE-niň ykdysadyýeti boýunça gürrüň berdi.
Mundan başga-da, Abu-Dabiniň taryhy ýerlerine we muzeýlerine guralan gezelençler gatnaşyjylara BAE-niň medeni dürlüligini içgin öwrenmäge mümkinçilik berdi. Abu-Dabiniň Luwr muzeýi, Kasr Al Watan Prezident köşgi we Kasr Al Hosn ýaly taryhy desgalara edilen saparlar gatnaşyjylaryň arasynda uly täsir galdyrdy. Bu desgalaryň her biri BAE-niň döwlet gurluşynda we baý medeniýetinde möhüm orny eýeleýär.
Şeýle hem talyplar Abu-Dabiniň Milli Nebit Kompaniýasynyň (ADNOC) işi bilen tanyşmak üçin Ahmed Al-Haýa Hamad Hamis Al-Hameliň ýolbaşçylygyndaky topar bilen duşuşdylar. Şeýle-de olar Türkmenistanyň we BAE-niň söwda gatnaşyklary we maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat aldylar.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary