SPORT

Türkmen talyp türgenleri 2024-nji ýylda halkara ýaryşlarda 127 medal gazandy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlerine bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahat ýylyň dowamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanyldy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär.

  • 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgenleri halkara ýaryşlaryň 41-sine gatnaşyp, 49 altyn, 35 kümüş, 43 bürünç, jemi 127 sany medallary, ýurdumyzda geçirilen 151 sany sport ýaryşlarynda 855 sany medallary gazanmagy başardylar.
  • Ýokary okuw mekdebinde 52 sany ýurt derejesindäki sport ýaryşlary geçirilip, olarda zehinli türgenleri saýlap-seçip almaga aýratyn ähmiýet berildi.
  • 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäheriniň Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynda Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň nobatdaky mejlisinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi.
  • Ýylyň jemi boýunça sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň uly mugallymy Jennet Geldibaýewa ýokary okuw mekdebi tarapyndan ýylyň göreldeli zähmet çeken mugallymy hökmünde saýlanyldy.
  • Ýylyň ýokary netijeleri görkezen talyp türgeni adyna sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, agyr atletika boýunça dünýä çempiony Şahzadbek Matýakubow boldy.
  • Ýylyň göreldeli talyby adyna sport fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Serdargeldi Nurmuhammedow eýe boldy.
  • Ýylyň iň ökde sport žurnalisti adyna bedenterbiýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Agabaý Akmyradow mynasyp görüldi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady