SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmen syýahatçylygyna bagyşlanan halkara maslahat

Paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň şu ugur boýunça ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Özbegistanyň, Hytaýyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň baş maksady halkymyzyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ruhy hem-de maddy mirasyny, däp-dessurlaryny wagyz etmekden, dünýäniň syýahatçylyk düzümleri bilen bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Dünýäniň ösen ýurtlarynda syýahatçylygyň mümkinçiliklerini wagyz etmek, daşary ýurtly jahankeşdeleri çekmek maksady bilen, Türkmenistan Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen halkara sergä, Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilen “ITB” syýahatçylyk ýarmarkasyna, Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen “Ferien-Messe Wien” atly halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy.

Forumyň dowamynda ýurdumyzyň sagaldyş syýahatçylygy boýunça amatly şertlere eýedigi bellenildi. Şunda Merkezi Aziýada we Ýewropada böwrek keselini bejermek üçin amatlylyk babatda ýeke-täk künjek hasaplanýan “Baýramaly” şypahanasy mysal hökmünde görkezildi.

Şeýle-de Köýtendagyň gowaklary, millionlarça ýyla barabar ýaşy bolan dinozawrlaryň aýak yzlary alymlar we arheologlar tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilip, olar dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär.

Maslahata gatnaşyjylar “Bir syýahatçylyk — bir sebit” atly syýahatçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň we olaryň jahankeşdelere ýetirilmeginiň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ähli ýadygärlikleri öz içine alýan syýahatçylyk ugurlary boýunça gezelençleri guramakda zerur mümkinçilikleri döretjekdiklerini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi