SPORT

Türkmen samboçylary Özbegistanda 17 medal gazandylar

Türkmen samboçylary Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatynda medallaryň 17-sine mynasyp boldular. Ulularyň we ýaşlaryň bilelikdäki çempionatynyň netijeleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky medal gaznamyza altyn medallaryň 2-si, kümüş medallaryň 6-sy we 9 sany bürünç medal goşuldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýer ýüzüniň 23 döwletinden 600-den gowrak türgeni özünde jemlän yklymara çempionatda ýaş samboçylarymyz Alyhan Aýdogdyýew bilen Yslam Hemraýew hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy. Ýaşlaryň arasynda geçirilen birinjilige gatnaşan ezber ýigitleriň ilkinjisine 58, ikinjisine bolsa 71 kilograma çenli agram derejesinde taý tapylmady. Olar bu üstünliklerini sport sambosy boýunça geçirilen ýaryşda gazandylar.

Ildeşlerimizden söweş sambosy boýunça 58 kilograma çenli agram derejesinde Muhammetmyrat Babekow, 98 kilograma çenli agramda Bezirgen Bäşimow, ýaşlaryň arasynda sport sambosy boýunça 58 kilograma çenli derejede Babamyrat Baýramow, ýene şol görnüşde ýaş gyzlaryň arasynda 50 kilograma çenli agram derejesinde Ykbal Saparowa, ýaşlaryň arasynda söweş sambosy boýunça 64 kilograma çenli derejede Seýdylla Akmämmedow we 88 kilograma çenli derejede Mälikberdi Begiýew dagy kümüş medalyň eýesi boldy.

Ýygyndy toparymyzda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykan türgenleriň sanawy has uzyn. Olaryň arasynda ezber türgen Merjen Joraýewanyň adynyň iki gezek geçýändigini aýratyn nygtamak gerek. Ol sport sambosy boýunça 59 kilograma çenli agram derejesinde ulularyň arasynda hem, ýaşlaryň arasynda hem bürünç medalyň eýesi boldy. Galan 10 medaly bolsa söweş sambosy boýunça Sapar Döwletow (64 kilograma çenli agram derejesi), Ýusup Taňryberdiýew (58 kilograma çenli), Mergen Durdyýew (64 kilograma çenli), Zyba Orunowa (59 kilograma çenli), Maýsa Gupbykowa (65 kilograma çenli), söweş sambosy boýunça Aziza Nazarowa (50 kilograma çenli) we Züleýha Hudaýberdiýewa (54 kilograma çenli) dagy eýeledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar

“Inter” topary baş tälimçisi Simone Indzagi bilen hoşlaşdy

Grizmann “Atletikoda” galdy

Ata Watan Eserleri

“PSŽ” topary taryhynda ilkinji Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy

Arnold “Real Madrid” bilen şertnama baglaşdy

“Çelsi” topary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy