JEMGYÝET

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Kärdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda köpugurly ulag hem-de energetika taslamalarynyň üstünlikli ilerledilýändigi bellenilip geçildi. Taraplar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir bu iri göwrümli taslamalara gatnyşyjy-ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine agramly goşant goşýandygyny nygtadylar.

Owgan tarapy Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleriniň ilerledilmegi işinde Türkmenistanyň wajyp ornuny belledi. Meseleleri diňe diplomatik gurallar arkaly we halkara hukugyň kadalarynyň çäklerinde çözmäge çagyrýan ýurduň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Kärdeşler sebitleýin we halkara gün tertibiniň käbir meseleleri barada pikir alyşdylar hem-de ählumumy wehimler bilen göreşmekde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny bellediler.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri