DÜNÝÄ

Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri «Çäksiz sungat» atly ýapon sungat sergisinde görkezildi

2026-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Tokio şäheriniň Milli sungat merkezinde «Çäksiz sungat» atly mekdep okuwçylarynyň surat sergisine gatnaşyjylara minnetdarlyk hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Agzalan dabara Ýaponiýada akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň Ilçihanalarynyň wekilleri, «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýetiniň, «SUMI» halkara assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, görnükli sungat işgärleri we sergini synlamaga gelenler gatnaşdylar.

«Çäksiz sungat» atly mekdep okuwçylarynyň sergisi 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwary 1-nji fewraly aralygynda «Ýaponiýa-Ýewraziýa» jemgyýeti we «SUMI» halkara assosiasiýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Sergä ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň 26-sy gatnaşyp, olaryň çeken suratlary serginiň çäklerinde döredilen Türkmenistanyň diwarlygynda ýerleşdirildi.

Ýokarda görkezilen dabaranyň jemleri boýunça ýurdumyzdan sergä gatnaşan ähli mekdep okuwçylaryna ýollamak üçin minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Özbegistan bilen Türkiýe Türkmenistanyň üsti bilen yzygiderli konteýner otlularyny işe girizer

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-niň 52-nji mejlisine gatnaşdy

RTL: Niderlandlaryň şa zenany gulluga başlar

Özbegistanda ilat ýazuwynyň ikinji tapgyry başlaýar

Si Szinpin ýuany dünýä ätiýaçlyk walýutasyna öwürmäge çagyrdy

Kataryň Lusail uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi