Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we döwrebap özgertmeleri amala aşyrmakda, milli lukmançylyk ylmyny dünýä derejesine çykarmakda, ýurdumyzyň bu ulgamda täze üstünlikleri gazanmagyny üpjün etmekde esasy resminama bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy tapgyrlaýyn üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilýän ýylynda saglyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolan döwründe lukmanlarymyzyň hünärlerini kämilleşdirmegi ugrunda uly tagallalar edilýär.
Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri daşary ýurtlara yzygiderli gulluk iş saparlaryna gidýärler, şol bir wagtda daşary ýurtly hünärmenler ýurdumyzda saparda bolup, türkmen lukmanlary bilen tejribelerini paýlaşýarlar.
Ine, şeýle lukmanlarymyzyň biri Begenç Annaýew bolup, ol Hytaýda ýerleşýän Bütindünýä emeli aň assosiasiýasynyň Işjeňlik lukmançylyk komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlandy. Bu hem türkmen lukmanlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandynyň güwäsidir. Häzirki wagtda taraplar birek-biregi tejribe alyşmaga höweslendirip, akademiki hyzmatdaşlygy we amaly gatnaşygy güýçlendirýärler.
Begenç Annaýew köp ýyllarynyň dowamynda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynda zähmet çekip gelýär.