MEDENIÝET

Türkmen kinorežissýory «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy bilen sylaglandy

Şu günler ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy uludna tutulýar. Her ýyl baş baýramymyzyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik işgärlerini sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Baş baýramymyzyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenip, bu sylagyň ýeňijileri yglan edilýär.

Şu gün paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Şol dabarada “Gyzyl kürte” we “Daragt” ýaly kino filmleriň goýujy režissýory Sahysalyh Baýramow hem Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat pul baýragy bilen sylaglandy.

Surata düşüren filmleri bilen köp sanly halkara kinofestiwallaryna gatnaşan Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň döredijilik meseleleri boýunça orunbasary Sahysalyh Agajumaýewiç Baýramow “Iň gowy teleradio gepleşikler toplumy üçin:”  ugry boýunça sylaga mynasyp boldy.

Dabarada bäsleşigiň ýeňijileri, döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, şahyrlar we ýazyjylar, aýdymçylar, sazandalar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler döredijilikli işlemäge, hünär derejesini ösdürmäge döredilen ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly adyň dakylmagynyň ähli türkmen halkyny, şol sanda medeniýet we sungat işgärlerini begendirendirendigini buýsanç bilen bellediler.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär