MEDENIÝET

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Marokkoda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisi geçirilýär. Onuň dowamynda Türkmenistanyň öňe süren «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» hödürnamasy goldandy. Ýurdumyzyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň hödürlemeginde milli keşdeçilik sungatymyz ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň keşdeçilik sungatynyň geljekde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň dünýä halklarynyň medeniýetiniň bir bölegine öwrülmegini üpjün eder.

Türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky görküne çalym edýän bu milli senet zenanlarymyzyň asylly häsiýetlerini, zehinini görkezýär.

Keşdeçi zenanyň nygtaýşy ýaly, keşde sungaty — köňül ýaýlasy. Türkmen zenanlaryna mahsus bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly häsiýetleriň ählisi bu sungatda-da jemlenen.

Ýene-de okaň

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty