DÜNÝÄ

Türkmen-katar hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Reşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirdi.

Diplomatlar ýokary derejeli saparlaryň we iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäginde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga, hukuk binýadyny giňeltmek meselelerine üns berildi.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara bilelikdäki toparyň işine uly ähmiýet berildi.

Ýangyç-energetika, maýa goýumlar, ulag-aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy we ýokary tehnologiýa ýaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyldy.

Medeni-ynsanperwer ugry iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ugurlardan biri hökmünde kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda bilim, sport pudagynda gatnaşyklary ösdürmegiň, Medeniýet günlerini yzygiderli geçirmegiň, bilelikdäki forumlaryň we sergileriň gurnamagyň maksadalaýykdygy bellendi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy