BIZNES

Türkmen işewürlere täze mümkinçilik: Daşary ýurt maýadarlar bilen hyzmatdaşlyk

Türkmen işewürlere daşary ýurt maýadarlar bilen hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilik döredildi. Türkmenistan gazetinde çap edilen bildirişde şeýle diýilýär:

HOR­MAT­LY IŞE­WÜR­LER!

Ýurdumyzyň maýa goýum syýasatyndan ugur alnyp, dünýä tejribesine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň bilelikde gatnaşmagynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Hormatly işewürler, Sizi «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine gönükdirilen strategik taslamalara maýa goýmak isleýän halkara maýadarlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys!

Sal­gy­myz: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ga­raş­syz­lyk şa­ýo­lu­nyň 32-nji ja­ýy. Te­le­fon bel­gi­le­ri­: +993(12) 48-19-28, 48-19-38. Elekt­ron sal­gy­sy: turk­me­ninvest@san­ly.tm

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär