BIZNES

Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 8,34 milliard dollara deň boldy

Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar baradaky garaýyşlarymy paýlaşmak meniň üçin uly hormatdyr. Hytaý bilen Türkmenistany özara hormat goýmaga, deňlige we ynanyşmaga esaslanýan, ozaldan gelýän dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar, diýip Li Şaung Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň habarçysy “Türkmenistan” gazetine beren beýanatynda habar berýär. 

Türkmen halkynyň Bitaraplyk baýramyny gutlan hytaýly habarçy öz gutlagynda şeýle diýýär: 

– HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň belleýşi ýaly, Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary hoşniýetli goňşular, gowy dostlar, gowy hyzmatdaşlar we doganlardyr. Bu jümleler biziň özara hereketlerimiziň düýp özenini açyp görkezýär: ol ak ýüreklilige daýanyp, hyzmatdaşlyk bilen baýlaşdyrylandyr, sebitde gülläp ösüşiň bähbidine umumy tagallalar bilen berkidilendir. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlyk barha rowaçlanýar. Hytaýyň bu bäş ýurt bilen haryt dolanyşygynyň depgini yzygiderli ýokarlanyp, şu ýylyň dokuz aýynda, takmynan, 80 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim artykdyr. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 100 milliarda çenli ýetmegine garaşylýar. Maýa goýumlar hem ösýär. Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna goýan maýa goýumlarynyň umumy möçberi eýýäm 50 milliard amerikan dollaryna ýetip, ol senagaty döwrebaplaşdyrmaga we uzak möhletleýin ösüşe ýardam edýär.

Adamlaryň arasyndaky alyşmalar hem çuňlaşýar. Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara syýahatçylyk akymy barha ösmegini dowam etdirýär. Bu bolsa biziň halklarymyzyň birek-birege hakyky gyzyklanmalaryndan we ýakynlygyndan habar berýär. Medeniýet, bilim, ykdysady ugurly alyşmalar hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berip, özara düşünişmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Sebitiň giň çäklere uzaýan «keşbini» göz öňüne getirsek, şunda hytaý-türkmen gatnaşyklary mazmun taýdan baýlygy hem-de depginli häsiýeti bilen tapawutlanýar. Maglumatlara görä, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda iki ýurduň özara söwdasynyň möçberi 8,34 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Energetika hyzmatdaşlygy, medeni alyşmalardyr aragatnaşyk pudagyndaky taslamalar-da strategik häsiýetli gatnaşyklaryň binýadyny pugtalandyrmaga goşant goşýar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy