Häzirki döwürde Hytaý Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň döwletara gatnaşyklarymyz hemişe netijeli, işjeň häsiýete eýe bolupdyr. Soňky ýyllaryň dowamynda gatnaşyklar has-da sazlaşykly ösdürildi.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky häzirki gatnaşyklar giň gerimli hem-de köpugurlydyr. Ol esasy ulgamlaryň ählisini — syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Şunda ösüşiň hil taýdan täze tapgyrynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny strategik derejä çykaryp, onuň has-da ilerledilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalaryna aýratyn orun degişlidir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze we geljegine uly umyt baglanýan ugurlary hökmünde hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň jemi 16-syna gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki döwürde ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanda HHR bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini yzygiderli nygtaýar. Şundan ugur alyp, öňde boljak «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň hem özara bähbitli gatnaşyklara täze itergi bermekde möhüm ädime öwrüljekdigini aýtmak bolar.
Hytaý häzirki wagtda Türkmenistanyň iň iri ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşydyr. Türkmenistan bilen Hytaý energetika, ulag, aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, lukmançylyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda taraplar aragatnaşyk, ýurdumyzyň telekommunikasiýa, hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda tagalla edýärler. Uzak aralykdan dolandyrylýan hemra ulgamlarynyň mümkinçilikleri hem-de olary ulanmagyň usullary öwrenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça giň gerimde alnyp barylýar. Şol sanda bilim ulgamy hem giň gerimde ösdürilýär. Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerini, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan türkmen ýaşlary ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler. Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyz bilen Hytaý döwletiniň maýa goýumlary esasynda nebitgaz, telekommunikasiýa, ulag aragatnaşygy, oba hojalygy, gurluşyk, dokma, himiýa we azyk senagaty pudaklarynda, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda uly ösüşlere we özgerişlere eýe boldular.
Bike Aşyrowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.