BILIM

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

2023-nji ýylda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu möhüm resminama iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary täze derejä çykarmaga, ylym-bilim ulgamynda tejribe alyşmak, maglumat tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri, bakalawrlary we magistrleri taýýarlamak ýaly işleri öz içine alýar.

Ähtnamanadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylda uniwersitetde ýokary derejeli iş maslahaty geçirildi. Maslahata Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda hytaý tarapynyň wekilleri täze başlangyç hökmünde Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkezi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň nebit uniwersitetiniň gatnaşmagynda bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek baradaky teklip öňe sürüldi. Bu merkeziň iki ýurduň arasynda bilim, ylmy barlaglar we tejribe alyş-çalşy ösdürmekde möhüm orun eýelejekdigi nygtaldy.

Şeýle teklibiň esasynda, 2024-nji ýylda degişli taraplaryň gatnaşmagynda Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek boýunça Ylalaşygyň taslamasy taýýarlanyldy. Merkezde geçiriljek okuwlaryň ugurlary, guramaçylyk meseleleri hem-de talyplary taýýarlamak boýunça esasy ýörelgeler kesgitlenildi.

2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde bolsa bu Ylalaşygyň taslamasyny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata iki ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary we degişli hünärmenleri gatnaşyp, taslamanyň dürli ugurlary boýunça öz pikirlerini beýan etdiler.

Maslahatyň dowamynda Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezinde professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary gurnamak, iki ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerini geçirmek meselesine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, Ylalaşygyň taslamasy boýunça iki taraplaýyn seljermeler geçirilip, onuň hukuk we guramaçylyk taraplary has-da kämilleşdirildi. Taraplaryň borçlary we jogapkärçilikleri kesgitleýän bölümler täzeden seredilip, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gaýtadan işlenildi. Netijede, ähli esasy meseleler boýunça özara düşünişmek gazanyldy we degişli kararlar kabul edildi.

Bu hyzmatdaşlyk taslamasy diňe bir bilim ulgamynda däl, eýsem ylmy-tehnologiki ösüşde hem uly mümkinçilikleri açyp, Türkmenistanyň nebitgaz we energetika pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi