JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Arkadag şäheriniň häkimliginde türkmen halkynyň Milli Liderimiziň täze döreden eseri – «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu täze kitaby türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkymyza peşgeş beren ozalky döredijilik dürdäne eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler we munuň üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi hem-de alkyş sözleri aýdyldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilendigine üns çekdi. Şu mynasybetli döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň Milli Liderine Gutlagyny hem iberdi.

Şonda bellenilişi ýaly, bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilipdir. Bu eser bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek ajaýyp eserdir.

Kitap «Giriş»-den we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem­de şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhy­medeni ýadygärliklerimiz hakynda beýan edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini bu babyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri» we «Horezmşalar döwleti» ýaly bäş bölümleriniň üsti bilen täsirli beýan edipdir.

Kitabyň «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji babynda bolsa halkymyzyň ruhy­medeni mirasynyň köp öwüşginli gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu baradaky gyzykly söhbetler babyň «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» – dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy» we «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýen alty sany bölümler arkaly okyja ýetirilýär.

Kitapda halkymyzyň geçmişde guran beýik türkmen döwletleriniň dünýäniň medeni ösüşindäki orny, biziň günlerimize miras galan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryşlar netijesinde tapylan gymmatlyklaryň mysalynda binagärlik, çeperçilik aýratynlyklary barada taryhy maglumatlaryň we halk içinde saklanyp galan rowaýatlardyr tymsallaryň getirilmegi eseriň gymmatyny has-da artdyrýar.

Ýene-de okaň

Gresiýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistan YHG-niň ministrler geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy