JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Balkan welaýatyna iş sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy we halkara çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz “Awaza” sport toplumyna gelip, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçe ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde ýerine ýetirýän işleri baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde deňziň kenaryndaky ajaýyp künjekde halkara çäreleri geçirmek boýunça meýilleşdirilýän binalar toplumynyň ýerleşjek ýerleriniň teklip edilýän meýilnamasy, toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, onuň girelgesi, binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň görnüşleri barada hasabat berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onda halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berildi.

Iş maslahaty halkara çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlygyň, foruma gatnaşyjylaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine degişli hemme çäreleriň ýokary derejede amala aşyryljakdygy baradaky hasabat bilen dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini nazara alyp, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk meselelerine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda bu işlerde hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigine aýratyn ähmiýet bermek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaýa iş sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ata Watan Eserleri