JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde iş saparynda boldy. Bu ýerde Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “akylly” şäheriň çägine geldi. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Milli Liderimiz, ilki bilen, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, bu ýerde arassaçylygyň, ähli binalaryň abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Türkmen halkynyň Milli Lideri ikinji tapgyrda gurulýan we gurulmagy teklip edilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän taslamalar, medeni-dynç alyş seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň germewleriniň bezeg işleri barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz onuň göze gelüwlilik babatda bolşy ýaly, her bir şekiliniň ölçeg babatda dürslügine-de möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, ýoluň ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri