JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wengriýanyň Hökümetiniň baştutany bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp hem-de ýurdumyza uly wekiliýet bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu saparyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boljakdygyna, onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň bolsa özara hormat goýmak esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we ugurlaryny gözlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Wiktor Orban türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda häzirki wagtda Merkezi Aziýada möhüm orun eýeleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, tutuş dünýäde hem-de Wengriýada soňky ýyllarda düýpli we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan häzirki Türkmenistanyň okgunly ösüşine uly gyzyklanma bilen syn edilýär, şeýle hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berilýär. Şol syýasat bolsa dünýäniň döwletleri üçin nusgalykdyr.

Ýene-de okaň

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov