JEMGYÝET

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan owgan halkyna yzygiderli goldawlaryny berýär

Owganystanyň Premýer-ministri Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär: 

Owgan halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Türkmenistan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýär we dostlukly ýurt hökmünde Owganystan bilen gatnaşyklarda oňyn maksatlardan ugur alýar. Çylşyrymly pursatlarda owgan halkyna yzygiderli goldawlaryny berýär.

Pursatdan peýdalanyp, golaýda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, iki ýurduň arasyndaky deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm taslamalaryň ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

 

Ýene-de okaň

Turkmentextile Expo-2026: halkara moda görkezilişi geçiriler

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana gelýär

Ata Watan Eserleri

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy