JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Sigeru Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly iki halkyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isiba tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Türkmen takımları, AFC Kupası’nda ilk maçlarını oynadı

vepa

Türkmenistan’da sokak hayvanları koruma altına alınıyor

vepa

Taryhda şu gün – 5-nji dekabr

Ata Watan Eserleri