JEMGYÝET

Latwiýanyň Prezidenti: Türkmenistan Latwiýanyň ýakyn hyzmatdaşy we dostlukly ýurdudyr

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Edgar Rinkewiç Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Şol hatda Edgar Rinkewiç Türkmenistanyň Latwiýanyň ýakyn hyzmatdaşy we dostlukly ýurdudygyny, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belleýär.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Latwiýanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Türkmenistan Latwiýanyň ýakyn hyzmatdaşy we dostlukly ýurdudyr. Men ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýärin hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin gowy mümkinçilikler bar diýip hasaplaýaryn. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky işjeň dialogyň, hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak üçin täze ýollary açjakdygyna ynanýaryn.

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar