JEMGYÝET

 Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürleri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de ýetilýän bu belent sepgitleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidigini bellediler.

Türk işewürleri ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň amala aşyrýan işleri barada hasabat berdiler. Milli Liderimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we maýa goýum üçin döredilen oňyn şertleriň özara gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýändigini aýdyp, bu hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň eýeleýän wajyp ornuna ünsi çekdi.

Işewürler bildirilýän uly ynam üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler