JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: TOPH taslamasy 1,75 milliard ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşdy.

Bu halkara maslahatynda çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri sebitiň möhüm energetika we ulag-infrastruktura taslamalary barada maglumat berdi.

– Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi örän möhüm taslamalaryň biridir. Bu taslamanyň maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekdir. Häzir biz bu taslamanyň işleriniň bellenen maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Bu gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän, uzynlygy 214 kilometr bolan bölegi guruldy. Geçen ýylyň sentýabrynda bolsa onuň 153 kilometrlik Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda onuň gurluşygy Owganystanyň çäklerinde dowam etdirilýär – diýip belledi.

Şeýle hem Milli Liderimiz hünärmenleriň baha bermegine görä, gaz geçirijiniň we degişli üpjünçilik ulgamlarynyň, täze edara-kärhanalaryň gurulmagy Owganystanda 12 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer. Bu ýurtda ençeme möhüm ynsanperwer soraglary çözmäge ýardam etjekdigini belledi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri