JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Budapeştde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda çuň many-mazmunly çykyş etdi. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şolaryň biri hem TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 2025-nji ýyldaky ikinji mejlisini Türkmenistanda geçirmek baradaky teklipdir.

“Geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi ýylda iki gezek geçirilýär. Halkymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär diýlen ajaýyp pähim bar. Eger-de siz goldasaňyz, Geňeşiň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileý baýramyna gabatlap Aşgabatda geçirmegi teklip edýärin. Munuň özi Türkmenistan üçin hormatyň nyşany bolar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda aýtdy.

Ýene-de okaň

Gresiýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistan YHG-niň ministrler geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy