JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrmagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar Geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Budapeştde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda çuň many-mazmunly çykyş etdi. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda birnäçe teklipleri, şol sanda TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň adyny üýtgetmek, onuň «Hormatly il ýaşulusy» diýen sylagyny hem-de nyşanyny döretmek baradaky teklipleri öňe sürdi.

“Halkymyzda Muhammet pygamberiň ýaşyna – 63 ýaşa ýeten adamlar «hormatly ýaşuly» diýlip atlandyrylýar. Şoňa görä-de, makullasaňyz, geljekde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrsak maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, geliň, biz Geňeşiň «Hormatly il ýaşulusy» diýen sylagyny hem-de nyşanyny döredeliň.

Şunuň bilen birlikde, Geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň alyp barýan netijeli işlerini bellemek isleýärin. Biziň Geňeşimiz halkara derejesindäki gurama diýlip ykrar edilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy