Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sport awtoulagynda Garabogazköl aýlagyna baryp gördi. Milli Liderimiziň awtoulagy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda iki gatnawly awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde saklandy.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň germewleriniň we halkara ähmiýetli desganyň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşlerini öz içine alýan şekil taslamalary görkezildi. Ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjek köpriniň gurluşyk işleri we taýýarlanylan şekil taslamalary barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, bu künjegiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmakda ähmiýeti bolan bu desganyň gurluşygynyň bellenilen möhletde tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde gurluşyk serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz täze desganyň kuwwatyna wajyp ähmiýet berilmelidigini aýratyn nygtady. Köpri berkligi we uzak möhletleýinligi babatda agyr ýükli awtoulaglary geçirmäge ukyply bolmalydyr. Munuň üçin bolsa gurluşykda ulanylýan serişdeleriň, olaryň hiliniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi möhümdir. Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň ulag-logistika pudagynyň işini ösdürmäge gönükdirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi