JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Bu barada Eýranyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen mähirli salamlaşyp, türkmen-eýran özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine uly kanagatlanma bildirdi.

Taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian saparynyň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara wekilçilikli foruma gatnaşar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi