Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde saparda bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu saparynyň çäklerinde energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasynyň habar bermegine görä, Wena şäheriniň Hofburg köşgünde energetika we howa boýunça halkara Wena forumy (IVECF) “Abadançylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy güýçlendirmek” şygary bilen öz işine başlady. 9-10-njy aprel aralygynda geçirilýän bu foruma dünýäniň dürli döwletlerinden hökümet wekiliýetleri, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, maliýe edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we raýat jemgyýetiniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşýar.
Bu halkara forum Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasy (UNIDO), Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministrligi, Awstriýanyň ösüş agentligi (ADA) we Halkara amaly ulgamlaýyn seljeriş instituty (IIASA) tarapyndan bilelikde guralýar.

Forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasynyň baş direktory Gerd Müller, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima, Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministr Beate Meinl-Reisinger we beýleki ýokary derejeli myhmanlar çykyş etdiler.
Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen foruma gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasynyň baş direktory Gerd Müller öz çykyşynda dünýäde bolup geçýän wakalaryň çäklerinde energetika we howa meseleleriniň dünýäniň gün tertibiniň esasy wakalary bolmagynda galýandygyny belledi. Ol ösüp barýan döwletleriň diňe bir öz energiýa bolan isleglerini kanagatlandyrman, eýse arassa energiýa çeşmeleriniň eksport ediji ýurtlaryna öwrülmegi üçin ajaýyp mümkinçilikleriň döredip boljakdygyny aýtdy.

Energetika geçişi ýaşyl senagatlaşma bilen utgaşyp, durnukly energiýa elýeterliligini giňeldip, täze ýaşyl senagat pudaklaryny höweslendirip, ykdysady diwersifikasiýany döredip we bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyryp biler. Mineral serişdelere we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine baý bolan ösýän ýurtlar üçin hem täze mümkinçilikleriň döreýändigi bellenildi.
