4-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde abraýly halkara sylagy bolan «Zaýed adyndaky adamzat doganlygy” baýragynyň gowşuryş dabarasy boldy. Bu ýylky baýraga köpýyllyk jedelleri bes etmäge goşan goşantlary we sebitde durnukly parahatçylygy ýola goýmakdaky tutanýerlilikleri üçin Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan mynasyp görüldiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen ýüzlenip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýany gutlady. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
«Şu günki dabara özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerini, döwletara gepleşikleri we parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň hatyrasyna çaknyşyklary çözmek baradaky tagallalary güýçlendirmäge, şeýle-de häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini ýeňip geçmäge gönükdirilen çemeleşmeleriň nähili möhümdigini, netijelidigini we geljegi ulydygyny aýdyň tassyklaýar» diýip, Milli Liderimiz belleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasyna we Ermenistan Respublikasyna uly hormat goýulýandygyny nygtady. Bu ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkyny bu ýurtlaryň halklary bilen köpasyrlyk taryh, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesini, bar bolan mümkinçiliklerini we toplan syýasy tejribesini ulanyp, ählumumy we sebit parahatçylygyny ýola goýmak baradaky gün tertibini amala aşyrmaga, şeýle hem halkara hukugynyň kadalaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny goramak bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini ýatlatdy. Bu bolsa agzalan garaýyşlaryň wajyplygyny we ähmiýetini aýdyň tassyklady. Şu nukdaýnazardan, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyga we ylalaşyga ýetmek baradaky möhüm çözgütleriň edil Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kabul edilmeginiň hakykatdan hem uly taryhy ähmiýeti bardyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Zaçed adyndaky adamzat doganlygy» baýragynyň Azerbaýjanyň Prezidentine we Ermenistanyň Premýer-ministrine gowşurylmagynyň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine, gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.
