JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Azerbaýjanda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistany Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylady. Azerbaýjanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilelikde surat düşdüler.

– Siziň saparyňyzyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary geçmişden gelýän çuňňur doganlyk däpleri baglanyşdyrýar we Garaşsyzlyk döwründe bu gatnaşyklarymyz has-da berkidi. Biz birnäçe ugurda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris. Syýasy, ykdysady, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlarda, şol sanda ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar – diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti duşuşykda eden çykyşynda belläp geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda Azerbaýjanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

– Azerbaýjana edýän bu saparymyzyň esasy maksady — ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak, ösüşleri pugtalandyrmak hem-de täze taslamalary we ugurlary amala aşyrmaga goşmaça itergi bermekdir.  Umuman, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesini üç ugur boýunça beýan edip bolar: doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk” diýip, Milli Liderimiz belledi.

Biziň halkara guramalarda, esasan hem BMG-de, birnäçe sebit düzümlerinde üstünlikli we netijeli hyzmatdaşlygymyz bar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň 17-nji ýokary derejeli duşuşygynyň golaýda Hankendi şäherinde üstünlikli geçirilmegi bilen Azerbaýjany gutlamak isleýärin. Ykdysady-söwda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösýär, onuň hil we mukdar görkezijileri ýokarlanýar. Medeniýet, ylym, bilim, ynsanperwer gatnaşyklary derejesindäki däp bolan gatnaşyklarymyz giňelýär. Döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn ähmiýet berilýär, diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew merkezine we haly muzeýine baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Ruandanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Ruandanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Talyp-2025: dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary kabul edilýän ýerleri