BIZNES

Türkmen gazynyň Azerbaýjana iberilen möçberi artdyrylar

Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna alyş-çalyş (swap) arkaly ibermek ýola goýuldy. Bu ugur boýunça iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini artdyrmak boýunça degişli edaralaryň arasynda yzygiderli gepleşikler geçirilýär. Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Alizade Eýranyň metbugat neşirlerine beren beýanatynda belläp geçdi.

“Interfaks” habarlar gullugynyň hem berýän maglumatyna görä, Azerbaýjanyň diplomaty tebigy gazy ibermek babatda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen täze başlangyçlaryň hem göz öňünde tutulýandygy, bu babatda seljerme işleriniň geçirilýändigini belledi.

Ilçi bu taslamanyň diňe oňa gatnaşyjylara (Aşgabat, Tähran we Bakuw) peýdaly bolman, eýsem sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösmegine hem goşant goşjakdygyna umyt bildirdi.

Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň ozal habar bermegine görä, Türkmenistanyň tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna ibermegiň möçberiniň ýyllyk 15 milliard kubmetre çenli artdyrylyp bilinjekdigi mälim edildi.

Häzirki wagtda Azerbaýjan Eýranyň üsti bilen ýyllyk 2 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny satyn alýar. Bu baradaky ylalaşyk 2021-nji ýylyň noýabrynda gol çekilipdi. Bir gije-gündiziň dowamynda Türkmenistandan Azerbaýjana 4 million kubmetrden gowrak tebigy gaz iberilýär.

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

 

Russiýa Federasiýasy : Halkara abraýly ýokary okuw mekdepleri :2022

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi